- mütdet
- Wagt, pursat.∙ Otlynyň ugramaly mütdeti ýeten wagty Sähet: --Ýigitler, abraý üçin çalyşyň! -- diýdi. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)∙ Men bugdaýa iň gerekli mütdetinde iki sapar suw berip biljekdigimi şu ýylyň işinde öwrenip bildim. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)∙ Her bir işiň güni --sagady, mütdeti bar. («Sowet edebiýaty» žurnaly)
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi. 2015.